Sepleriň elýeterliligi

Ors oppozisiýasy prezident administrasiýasyna syýasy tussaglaryň sanawyny berdi


Orsýetiň oppozisiýa wekilleri syýasy tussag hasaplanýan we günäsi geçilmeli adamlaryň sanawyny prezidentiň administrasiýasyna gowşurdylar.

Sanawda 39 adamyň ady görkezilipdir. Olaryň arasynda Mihail Hodorkowskiý, Platon Lebedew, “Drugaýa Rossiýa” atly hasaba alynmadyk partiýanyň aktiwisti Taisia Osipowa dagy hem bar.

Syýasy matlapda ýörite sud edilen diýlip hasaplanýan adamlaryň haýdan-haý azatlyga goýberilmegini 4-nji fewralda Moskwanyň Bolotny meýdançasynda oppozisiýanyň geçiren köpçülikleýin mitinginde talap edipdiler.
XS
SM
MD
LG