Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly aýal 7 kilogram agramdaky bäbegi dogurdy


Hytaýyň merkezinde bir aýalyň 7 kilogram agramdaky ogul bäbegi dogurandygy habar berilýär.

"Tianjin Post" gazetiniň maglumatyna görä, 4-nji fewralda 29 ýaşly bu aýalyň çagasyny operasiýa arkaly kesip alypdyrlar.

Çun Çun diýlip at berlen bu çaganyň sagdyndygy we onuň ejesiniň ýagdaýynyň gowudygy habar berilýär.

Maglumatlara görä, Çun Çun 1949-njy ýyldan bäri Hytaýda doglan iň agyr çaga bolup biler.

Ginesiň Dünýä rekordlary boýunça kitabyna laýyklykda, agramy iň uly bolan 10,8 kilolyk çaga 1879-njy ýylda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda doglupdyr. Ol çaga doglanyndan az wagt soň ýogalypdyr.
XS
SM
MD
LG