Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýusselde ýewrozolagyň maliýe ministrleri duşuşar


Gresiýada dolandyryjy koalisiýa girýän partiýalaryň liderleriniň çarşenbe güni gije bolan duşuşygynda, soňky gowuşýan maglumatlara görä, maliýe kömegini almak üçin zerur ylalaşak doly gazanylmandyr.

Premýer-ministr Lukas Papadimosa partnýorlary bilen köp meseleleri ylalaşmak başartsa-da, pensiýany azaltmak meselesinde ylalaşmandyrlar.

Gepleşikler penşenbe güni ýene dowam etdiriler.

Premýer-ministriň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ylalaşyga penşenbe güni agşama çenli gelnerine garaşylýar, çünki agşam Brýusselde ýewrozolaga girýän ýurtlaryň maliýe ministrleriniň Gresiýa maliýe kömegini bermek bilen bagly maslahaty açylýar.
XS
SM
MD
LG