Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan wagtlaýynça goňşulary bilen serhedini ýapdy


Gazagystanyň Mangystau oblastynda hemişelik ýaşaýan gazak graždanlary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş güne çenli wizasyz gelip-gidip bilýärdi.

Gazagystanyň Mangystau oblastynda hemişelik ýaşaýan gazak graždanlary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş güne çenli wizasyz gelip-gidip bilýärdi.

Ýekşenbe güni, 12-nji fewralda Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň geçirilýändigi üçin Türkmenistanyň serhedinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Türkmen tarapynyň inisiatiwasy bilen birtaraplaýyn döwlet serhedi ýapyldy diýip, “Kazinform” agentligi habar berýär.

Ýeňilleşdirilen wiza düzgüni boýunça Türkmenistana gelýän Gazagystanyň graždanlary üçin serhet şu ýylyň 8-nji fewralyndan 15-nji fewralyna çenli wagtlaýynça ýapyk diýlip, Mangystau oblastynyň gümrük kontrollygy edarasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Mangystau oblastynda hemişelik ýaşaýan Gazagystanyň graždanlary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş güne çenli wizasyz gelip-gidip bilýärdi.

Özbegistanyň günortasyndan Azatlyk Radiosyna gowşan soňky magumata görä, saýlawlar bilen bagly türkmen–özbek serhedi hem wagtlaýynça ýapylypdyr.
XS
SM
MD
LG