Sepleriň elýeterliligi

Müsürde HAG-laryň işgärlerine günä bildirilýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Müsürde hökümetden aýry guramalaryň (HAG) amerikaly işgärleriniň garşysyna günä bildirýän resmi dokumentiň bardygyny habar berdi.

Waşington hökümetden aýry guramalaryň işgärleriniň yzarlanýandygy sebäpli Müsüre her ýyl berýän bir milliard 300 million dollarlyk harby kömegini doňdurjakdygyny duýdurdy.

Müsüriň premýer-ministri Kamal al-Ganzury düýn Kairde bolan metbugat konferensiýasynda şeýle diýdi:

—Müsür häkimiýetleri kanun boýunça şeýle hereket etmäge borçly. Olar borçlaryny ýerine ýetirýärler. Müsür swilizasiýasynyň ýaşy müňýyllyklar bilen ölçelýär. Ol kömek beriljegine ýa berilmejegine garamazdan, kanundan çykyp bilmez.

19-sy ABŞ-nyň graždany bolan jemi 43 adam özleriniň hökümete degişli däl guramalarynyň bikanun işi boýunça bildirilýän günä esasynda Müsür suduna çekilmeli.

Amerikalylaryň arasynda ABŞ-nyň transport ministriniň ogly Reýa La Huda hem bar.
XS
SM
MD
LG