Sepleriň elýeterliligi

Çehiýanyň parlamenti Konstitusiýa düzediş girizdi


Çehiýanyň parlamenti ýurduň Konstitusiýasyna düzediş girizdi. Şu wagta çenli Çehiýada prezident parlamentde saýlanýardy, girizilen düzediş ýurduň prezidentiniň ählihalk saýlawlaryny göz öňünde tutýar.

Ses berişlik çarşenbe güni çeh parlamentiniň ýokarky öýünde – Senatda geçirildi. Parlamentiň aşaky öýi bu dokumenti geçen ýylyň dekabrynda makullapdy.

Prezident bäş ýyl möhlete saýlanar. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň ýarsyndan gowragyny hiç bir kadidat alyp bilmese, ikinji tapgyr saýlawlar geçiriler.

Täze düzgün boýunça saýlawlar Çehiýada 2013-nji ýylda bolar. Şonda häzirki prezident Waslaw Klaus döwlet baştutanynyň kürsüsini terk eder. Ol bu wezipäni iki möhlet eýeledi.
XS
SM
MD
LG