Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Maldiw adalarynda ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar


Hepdäniň sişenbe güni ýurtda häkimiýet çalşandan soň, Maldiw adalarynda ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar.

Çarşenbe güni ýurduň paýtagtynda we birnäçe adada bidüzgünçilikler möwç aldy. Olary wezipeden çekilen öňki prezident Muhammet Naşidiň tarapdarlary gurnady. Polisiýa edararsyna hüjüm edildi.

Wezipeden çekilýändigini yglan eden prezident biraz soň bu herekete dildüwşüjileriň mejbur edendigini aýtdy. Käbir maglumatlara görä, ol ýeňil ýaralanypdyr.

Maldiw adalarynyň täze lideri, wagtlaýyn prezident yglan edilen Muhammet Wahid Hasan häkimiýetiň güýç bilen çalşylma häsiýetini inkär edýär.
XS
SM
MD
LG