Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze kanun meni öýe gabady



Bazar güni Stambulyň Beşiktaş raýonyndaky awtobus duralgasynda polisiýa işgärleri Özbegistandan gelen zähmet migrantlaryndan bir gyzy saklapdyrlar. Ony menem tanaýardym, ol meniň joramyň tanşydy. Takyk maglumatymyz ýok, emma ol gyzyň Özbegistana deportasiýa edilenligini çak edýäris.

Onuň adyny aýdyp oturjak däl, onuň hem, meniň ýaly, bärde kanuny statusy ýokdy, meniň ýaly bir türk maşgalada işleýärdi. Türkiýä gelenine üç ýyl bolupdy, şonuň üçin onuň türk dili hem ýaman däldi. Käte-käte biz onun bilen duşuşyp görüşerdik, özi gowy, akylly gyzdy.

Onuň işleýän ýerine jaň edip soranymyzda olaram şol gyzdan habarlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Deportasiýa edildi diýlen zat Türkiýede işleýän zähmet migrantlary üçin indi täzeligem däl, her gün diýen ýaly pylany deportasiýa edilipdir diýlen habarlar eşidilýär we biziň türkmenlerimizden hem deportasiýa edilenler az däl. Bu gürrüň 1-nji fewralda güýje giren kanundan soň hasam köpeldi.

Indi bir naçe gündür daşaryk çykamok, dogrymy aýtsam daşaryk çykmakdan gorkýaryn. Ýöne haçana çenli öýde gabalyp oturyp biljegimi ýa maňa haçana çenli öýden çykman otyrmagyma rugsat ediljeginem bilemok. Sebäbi meniň enekelik edýän çagalarymdan biri sporta gatnaýar, ony adatça men gatnadýaryn. Emma ýolum halk köpçüliginiň üýşýän ýerinden geçýänligi üçin, tutulmak howpy zerarly, iki günden bäri her gün bir bahana tapyp, bu wezipämden boýun gaçyrýaryn, çagany ejesi gatnadýar.

Bu ýagdaýy her maşgala kabul etmezdi. Emma meniň işleýän maşgalam gaty gowy, maňa ejem-kakam ýaly garaýarlar, hatda bir gezek kiçiräk sebäplere görä gahar edip işden çykanymda olar yzymdan baryp, çagalarynyň meniň ýerime başga birini islemeýändiklerini aýdyp, çagyryp getirdiler.

Emma olaryň şeýle päk ýüreklidigine garamazdan, öýden çykmazlyk baradaky bu kynçylyklarymy olaryň haçana çenli kabul etjegini bilemok.

Türkmenistandan gaýdanyma indi dört ýyl boldy. Ýurtdan çykyp Türkiýä gelipdim, gelibem şu maşgalada işe başlapdym. Ynanmak kyn, bir ýerde dört ýyl işlejegimi, hatda Türkiýede dört ýyl galjagymy hiç wagt pikir etmändim.

Emma şu gelşim geliş boldy, şunça ýyldan soň indi Türkiýe watanym ýaly bolupdyr, enekelik edýän çagalarym hem öz çagalarym ýaly. Dogrymy aýtsam, olardan aýrylyşmak meniň üçin indi o diýen aňsadam bolmaz.

Umydyň umytsyzlygy

Emma meniň duýgularym diňe arzuwlardan ybarat. Tutha-tutluk başlanan häzirki döwürde bu arzuwlaryň peýdasynyň bolmajagynam bilýärin. Şeýle-de, täze kanun diňe bikanun zähmet migrantlaryny däl, olara iş berýän adamlary hem nyşana alýar.

Şonuň üçin, öz arzuw-hyýallaryma garamazdan, Türkiýädäki günlerimiň sanalgyjadygyny çak edýärin, haçan kowarlarka diýlen gorky mydama ýadymda. Öýüň içinde bolsamam, daşardan gelýän sesleriň hemmesi “dur” diýen ýaly bolup eşidilýär, ol çagyryşam göýä maňa aýdylýan ýaly.

Meniň ýaly orta mekdebi gutaran biri nädip iş tapar – bu pikir meni gorkuzýar. Eger iş tapaýsam hem aýlygym näçe bolar, şol aýlyk maşgalamyň gazanyny gaýnatmaga ýetermi diýlen alada hem meni gorkuzýar
Mahym

Elbetde, öz watanymam küýsedim, ejem-kakamy, goňşy-golamymy göresim gelýär, emma meni gorkuzýan zat ýurda baramsoň näme ederin diýlen alada. Käte-käte Türkmenistandaky joralarym bilen internet arkaly gepleşýärin, ýokary okuw jaýyny gutaranlarynyň hem köpüsi işsiz gezip ýörendiklerini aýdýarlar. Onsoň meniň ýaly orta mekdebi gutaran biri nädip iş tapar – bu pikir meni gorkuzýar. Eger iş tapaýsam hem aýlygym näçe bolar, şol aýlyk maşgalamyň gazanyny gaýnatmaga ýetermi diýlen alada hem meni gorkuzýar.

Käbirleriniň ýat illeriň arasynda nädip ýörsüň diýmekleri mümkin, emma maňa güýç berýän zat halal zähmetim bilen Türkmenistandaky maşgalamyň gazanynyň gaýnap durmagyna goşant goşmak, inilerimiň, jigilerimiň mekdebe, ýokary okuw jaýlaryna gatnamagyna kömek edip bilmegimdir.

Meni alada goýýan başga bir zat hem, şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşmek, düşenimden soň ondan çykyp bilmezlik howpy, hereket azatlygymyň çäklendiriljegi, gaýdyp ýurdy terk edip bilmejegim, şunlukda, maşgalama kömek etmegiň deregine, olara ýük bolmagym baradaky gorky.

Ýöne bu gorkular bu gün bolmasa-da ertir başyma geläýjek zat, ýagny özbegistanly tanşymyň düşen gününe düşmekden meni hiç zadyň halas etmejegini bilýärin. Türkmenistanyň Türkiýedäki wekilhanasyna jaň etseň, olar bärde näme işiňiz bar diýýärler, türk mediasyna seretseň goşuňy arkaňa alyp ýurda gidibermeli edýärler.

Elbetde, islegim kanuny ýagdaýda işimi dowam etdirmek, onuň üçin zerur bolsa Türkmenistana dolanyp, kanuny ýagdaýyda yzyma dolanmaga hem taýyn. Ýöne edil häzirki döwürde onuň ýaly mümkinçiligiň bardygyny takyk bilemok, bu barada bize maglumat berýänem ýok. Häzirki nätakyk döwürde biri elimden tutup uçara mündirýänçä Türkiýäniň terk etmek niýetim hem ýok, meniň joralarym hem şeýle pikirde...

Mahym Ahmedowa Türkiýede ýaşaýan türkmen gyzynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Eger Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrant bolsaňyz we öz başyňyzdan geçirýänleriňizi gürrüň bermek isleýän bolsaňyz, onda hat@azatradio.org e-mail adresi arkaly Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG