Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň işçileri, ýörişe çykyň!


Moskwada Putini goldamak üçin geçirilen bu köpçülikleýin mitingde, 4-nji fewral.
Moskwada Putini goldamak üçin geçirilen bu köpçülikleýin mitingde, 4-nji fewral.
Sergeý Morozow adaty ýagdaýda wagtyny kinodaky märekeli sahnalar üçin toplanan aktýorlar bilen sene-mene edişip geçirýär. Ýöne saýlaw kampaniýasy wagtynda iş az-kem üýtgeýär. Morozowyň işi ýene-de märeke toplamak bolsa-da, bu gezek iş kino direktorlary üçin däl-de, syýasy partiýalar üçin edilýär.

Morozowyň aýtmagyna görä, onuň ýaňy-ýakynda eden bir işinden, ýagny prezidentlige umytly dalaşgär premýer-ministr Putini goldamak üçin märeke toplamakdan eden tamasy çykmandyr:

—Men 250 adam ýygnamaly boldum. Olara adam başyna 500 manat beriljek diýdiler. Ýöne üýşmeleňden soň sanap, biziň adamlarymyzy 85 edip goýdular. 160 adama eden işi üçin pul tölenmedi. Üýşmeleňden soň bermegi wada etseler-de, pul bermediler. “Bütewi Orsýet” öz borjuny ýerine ýetirmedi.

Hakyna tutulan ors protestçileri aldanandyklaryny aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:10 0:00

Moskwanyň polisiýasy 4-nji martda geçmeli prezidentlik saýlawlaryndan bir aý öň Putini goldamak üçin geçirilen bu köpçülikleýin mitinge 140 müňe golaý adamyň gatnaşandygyny aýtdy. Şonuň bilen deň wagtda adatdan daşary sowukda oppozisiýanyň geçiren ýygnanyşygyna hem gatnaşanlaryň sany, çak edilişine görä, 80 müň bilen 100 müňüň aralygynda.

Režimiň tarapyny tutup geçirilen üýşmeleňe gatnaşan köp bolsa-da, olaryň aglabasynyň pul wada edilip getirilendigi aýdylýar. Köp adamlary hem işleýän ýerleri ýa kärdeşler arkalaşyklary gelmäge mejbur edipdir.

Bu mitingi gurnan “Bütewi Orsýet” partiýasy. Onuň Moskwadaky sözçüsi Natalýa Burtsewa bu aýdylýanlar “prowokasiýa” diýýär:

—Biz hiç bir adamy gelmäge mejbur edemzok. Beýle ylalaşyklara hem gelemzok, ne dilden, ne-de ýazuw üsti bilen. Biziň eden bir zadymyz – gelmek isleýän adamlary bu üýşmeleňe çagyrmak boldy. Başga aýdylýan zatlaryň bary gybat, boş gürrüňler.

Mejbur edilenler şikaýat edýärler

Ýöne üýşmeleňe gatnaşanlaryň arasynda özleriniň oňa meýletin gatnaşmandygyny aýdýan adamlar köp. Orsýetiň halkdan gelýän şikaýatlara garaýan edarasy özlerine Putini goldap geçirilen mitinge gatnaşmaga mejbur edilendigi barada 200-e golaý mekdep mugallymlaryndan şikaýat gelip gowşandygyny aýdýar.

Şular ýaly şikaýatlar jemgyýetçilik sektorynyň beýleki pudaklaryndan-da gelipdir. Energiýa kompaniýasy “MosEnergonyň” işgäri Ýelena başlyklaryň özüni we beýleki bu üýşmeleňden habarly edendiklerini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu kompaniýanyň işgärlerine näresmi ýagdaýda iki gün dynç alyş wada edilipdir. Ýelena bu hakda şeýle diýýär.

—Olar bir bildiriş asyp, belli bir senede, belli bir wagtda ýygnanyşygyň gurnalýan ýerinde bolmagymyzyň zerurdygyny aýtdylar. Şeýlelikde biz geldik. Olar bizi hasaba aldylar. Onsoň awtobusa mündük. Bizi şeýdip alyp gitdiler.

Jemgyýetçilik sektorynyň işgärleriniň syýasy üýşmeleňler üçin ulanylmagy köp adamlary biynjalyk edýär. Olar muňa kärdeşler arkalaşyklarynyň köpçülikleýin mitinglere we beýleki üýşmeleňlere adam ibermäge borçly bolan döwri, ýagny sowet döwrüne dolanmak diýip düşünýärler.

Ýöne jemgyýetçilik goldawynyň fiziki demonstrasiýasy dalaşgärleriň çekişmelerinden, kampaniýa ritorikasyndan has täsirli bolan ýurtda bu däbiň dowam etme ähtimallygy ýokary.
XS
SM
MD
LG