Sepleriň elýeterliligi

“Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” döredildi


Orsýetdäki türkmen diasporasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny belleýär. Oktýabr, 2011.

Orsýetdäki türkmen diasporasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny belleýär. Oktýabr, 2011.


Orsýetde ýaňy-ýakynda “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” atly halkara gurama döredildi. Bu maglumaty Azatlyk Radiosyna “Rus-Türkmen öýüniň” başlygy Wladislaw Nemçinow ýetirdi.

Nemçinowyň sözlerine görä, ýanwar aýynyň aýagynda Owganystandaky, Eýrandaky, Siriýadaky we käbir GDA döwletlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleriniň Moskwada geçiren konferensiýasynda bu guramany esaslandyrmak kararyna gelnipdir. Häzir bu guramany Orsýet Federasiýasynda hasaba aldyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar.

Orsýetiň we birnäçe daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň we diasporalarynyň goldawy bilen döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” türkmenleriň medeni, sosial we gumanitar taýdan özara gatnaşyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Täze guramanyň “DTGA” bilen gatnaşygy

Dünýä türkmenlerini birleşdirmek maksadyny öz öňünde goýýan halkara gurama eýýäm bar. 1991-nji ýylda Türkmenistanda döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasy” (DTGA) dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleri öz içine alýar. Resmi maglumatlarda DTGA-nyň dünýäniň ençeme ýurtlarynda 25-den gowrak bölüminiň işleýänligi habar berilýär.

Biziň wekilimiz DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna bardy. Emma bu edaranyň yolbaşçysy Aşyrow wekilimizi gören badyna öz iş otagynda gizlendi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan esaslandyrylan bu gurama 2007-nji ýyldan bäri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

“Rus-Türkmen öýüniň” başlygy Wladislaw Nemçinow Azatlyk Radioasyna öz guramasynyň 5 ýyl bäri DTGA bilen aragatnaşygynyň ýoklugyny aýtdy we munuň sebäbini DTGA-nyň şeýle hyzmatdaşlykdan ýüz öwürýänligi bilen düşündirdi.

Nemçinow türkmenleriň Orsýetdäki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan iberilen wekiliň DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna eden soňky saparynda ýüze çykan waka barada şeýle gürrüň berdi: “Biziň wekilimiz DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna bardy. Emma bu edaranyň yolbaşçysy Aşyrow wekilimizi gören badyna öz iş otagynda gizlendi”.

Azatlyk Radiosy bu waka boýunça DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna jaň edip, Annagurban Aşyrow bilen gepleşmäge synanyşdy, emma ol Azatlyk Radiosyndan jan edilýänligini eşidip, gepleşmekden ýüz öwürdi.

Hyzmatdaşlygyň maksady

Wladislaw Nemçinowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmenleriň Orsýet Federasiýasynda doredilen we işleýän jemgyýetçilik guramalary, “DTGA-nyň” Aşgabatdaky baş edarasy bilen gatnaşyklaryny ýola goýmak synanyşyklary başa barmansoň, guramanyň Orsýetdäki edaralaryny anyklamaga çalyşdy. Emma 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Orsýetiň Adalat ministrligi tarapyndan berlen resmi jogapda DTGA-nyň bölümleriniň Orsýetde resmi hasaba alynmanlygy aýdylýar.

Wladislaw Nemçinowyň pikirine görä, täze döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň bähbitlerini goramakda DTGA bilen hyzmatdaşlyk edip bilerdi.

Täze döredilen gurama geljekde Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletleriň bähbitlerini goramak üçin hyzmatdaşlyklary hem göz öňünde tutýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG