Sepleriň elýeterliligi

Täze türkmen obasynda 2000-den gowrak jaý gurlar


Türkmenistanyň ýerli gurluşyk firmalary tarapyndan gurlan jaýlar, Kaka etraby.

Türkmenistanyň ýerli gurluşyk firmalary tarapyndan gurlan jaýlar, Kaka etraby.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze döredilýän obada 4 ýylyň dowamynda 2054 sany kottej jaýynyň guruljakdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatyna görä, her hojalykda oba ýaşajylary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutular.

Bu oba Garagum kanalynyň demirgazyk tarapynda, Ýasmansalyk geňeşliginiň territoriýasynda gurlar. Bu gurluşyk oba ýaşaýjylarynyň durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmak maksady bilen 2020-nji ýyla çenli bellenilen Türkmenistanyň milli maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýar.

Maglumata görä, bu obanyň baş plany Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan makullanypdyr. Gurluşygyň Türkmenistanyň ýerli kompaniýalaryna tabşyrylandygy habar berilýär.

Türkmenistanda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň we jaý satyn almak üçin berilýän kreditleriň, köplenç, ilatyň orta we pes gatlagy üçin elýeterli däldigi sebäpli bu ýagdaý tankyt edilip gelinýärdi.
XS
SM
MD
LG