Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Homs şäherindäki hüjümler dowam edýär


Nawi Pilleý halkara jemgyýetçiligini Siriýanyň graždan ilatyna garşy hüjümleri togatmak üçin tagalla etmäge çagyrdy.
Nawi Pilleý halkara jemgyýetçiligini Siriýanyň graždan ilatyna garşy hüjümleri togatmak üçin tagalla etmäge çagyrdy.
Siriýa hökümetiniň howpsuzlyk güýçleriniň Homs şäherindäki harby operasiýalary dowam edýär.

Siriýanyň oppozisiýasynyň maglumatyna görä, ýaragly hüjümlerde graždan ilatdan azyndan 31 adam heläk bolupdyr.

Penşenbe güni berlen maglumatlarda Homsuň birnäçe raýonynda raketa we agyr top ýaraglarynyň ulanylandygy aýdylýar.

Bir milliona golaý ilaty bolan Homs şäheri prezident Başar al-Assdadyň režimine garşy 11 aý bäri dowam edip gelýän protestleriň merkezi hasaplanýar.

4-nji fewralda Siriýanyň hökümeti tarapyndan “terrorçy toparlar” diýlip atlandyrýan güýji basyp ýatyrmak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýurduň howsuzlyk güýçleri tanklary we agyr ýaraglary ulandylar.

Penşenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu žurnalistler bilen duşuşygynda Siriýada jebir çekýän halka Türkiýäniň gapysynyň açykdygyny we häzir Türkiýä baran siriýalylaryň sanynyň 12 müňe ýetýändigini aýtdy.

“Siriýaly aýal we erkek doganlarymyz Türkiýä gelmeli bolsalar, biz olar üçin elimizden gelen kömegi ederis” diýip, Dawutoglu aýtdy.

8-nji fewralda BMG-niň adam hukuklary boýunça edarasynyň başlygy Nawi Pilleý halkara jemgyýetçiligini Siriýanyň graždan ilatyna garşy hüjümleri togatmak üçin tagalla etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG