Sepleriň elýeterliligi

Gazak oppozisiýa aktiwisti azatlyga çykarylýar


Ýermek Narymbaýew

Ýermek Narymbaýew

Häkimiýetlere garşylyk görkezmekde aýyplanyp, sud jogapkärçiligine çekilen we bir ýarym ýyl türme tussaglygynda oturan gazak oppozisiýa aktiwistiniň günäsi geçildi.

“Arman” hereketiniň lideri Ýermek Narymbaýew 2010-njy ýylyň iýun aýynda prezident Nursultan Nazarbaýewiň wezipesinden çekilmegine çagyryş edilip geçirilen protestde saklanyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Gazagystanyň Adam hukuklary boýunça edarasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Narymbaýew 15 günden azatlyga çykarylar.

Geçen hepde Gazagystanyň tanymal hukuk gorýjy aktiwisti Ýewgeniý Žowtise hem amnistiýa yglan edilipdi.

Bu amnistiýalar Nursultan Nazarbaýewiň şu hepde Germaniýa resmi sapar edýän döwrüne gabatlandy. Onuň bu saparynda 3 milliard ýewrolyk şertnamalara gol goýuldy.
XS
SM
MD
LG