Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň howa hüjüminde “Al-Kaýdanyň” Pakistandaky lideri öldürildi


Pakistanda ABŞ-nyň howadan raketa hüjüminde “Al-Kaýda” bilen ýakyn aragatnaşygy bolan “Talyban” toparynyň lideri Badar Mansuryň öldürilendigi habar berilýär.

Mansuryň Owganystanyň serhedinde, Demirgazyk Weziristanda penşenbe güni öldürilendigi aýdylýar.

Pakistandan we “Talybanyň” çeşmelerinden gowşan maglumatlara görä, regionda iki günüň dowamynda geçirilen iki hüjümde dört adam öldürilipdir.

Pakistanyň “Talyban” toparynyň komandiri “Roýter” habar gullugyna beren maglumatynda öldürilenleriň arasynda Mansuryň, onuň aýalynyň we iki sany maşgala agzasynyň bardygyny aýdypdyr.

Mansuryň ABŞ tarapyndan nyşana alnan möhüm şahsyýetdigi bellenilýär. Pakistanyň ady belli edilmedik bir resmisiniň beren maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň iýunynda Ilýas Kaşmir howa hüjüminde öldürilenden soň, Mansur Pakistanda “Al-Kaýdanyň” de fakto lideri bolupdyr.

Maglumatlara görä, Mansur 2010-njy ýylyň maý aýynda Lahorda 100-e golaý adamy heläk eden terrorçylykly hüjümiň jogapkäri hasaplanýar. Onuň Owganystanda 200-e golaý “Talyban” söweşijisine ýolbaşçylyk edendigi, şeýle hem Demirgazyk Weziristanda harby türgenleşik gurnandygy aýdylýar.

ABŞ, umuman, howa hüjümleri barada kommentariý bermeýär, ýöne geçen aý prezident Baraka Obama bir interwýusynda bu programmasy barada agzapdy.
XS
SM
MD
LG