Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň koalisiýa liderleri býujet boýunça ylalaşdylar


Gresiýanyň koalisiýa liderleri býujeti tygşytlamak boýunça täze plany kabul etdiler. Bu plan ýurdy batmakdan halas etmek üçin 130 milliard ýewrolyk halkara kömegini almagyň zerur şerti bolup durýar.

Býujet tygşytlamasy boýunça grek liderleriniň ylalaşyga gelendikleri barada Gresiýanyň premýer-ministri Lukas Papademosyň Ýewropanyň Merkezi bankynyň prezidenti Mario Drahiýe telefon arkaly habar berendigi aýdylýar.

Hödürlenen býujet tygşytlamasyna Gresiýanyň ilaty garşylyk görkezip, hepdäniň çarşenbe güni ählumumy 24 sagatlyk iş taşlaýyş gurnapdylar.

Häzir ýurduň hususy we döwlet sektorynyň iki sany bileleşigi anna we şenbe günleri 48 sagatlyk iş taşlaýşa çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG