Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň täze planyna ýewrozolagyň ministrleri şübhe bildirýär


Lýuksemburgyň premýer-ministri Žan-Klod Ýunker (çepde) we Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos Brýusselde, 9-njy fewral.

Lýuksemburgyň premýer-ministri Žan-Klod Ýunker (çepde) we Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos Brýusselde, 9-njy fewral.

Gresiýanyň esasy syýasy partiýalarynyň liderleri tarapyndan makullanan tygşytlamagyň berk çäreleri baradaky planyna ýewrozolagyň maliýe ministrleri şübhe bildirýärler.

17 ministr düzümine girýän Ýewrotoparyň baştutany, Lýuksemburgyň premýer-ministri Žan-Klod Ýunker şeýle diýdi:

—Şu gün gutarnykly ylalaşyga geleris diýip pikir etmeýärin. Biz hödürlenen teklipleriň käbir taraplaryny entek maslahatlaşmaly. Eger biz şu gün hiç zat çözüp bilmesek, ol betbagtçylyk bolmaz.

Germaniýanyň maliýe ministri Wolfgang Şoýble Gresiýanyň teklip eden planyna häzirlikçe gol goýup bolmajakdygyny aýtdy.

Nobatdaky halkara maliýe kömegini almak üçin býujet çykdajylaryny azaltmak boýunça syýasy ylalaşyga gelendigi barada Gresiýanyň habary peýda bolan badyna ýewrozolagyň maliýe ministrleri maslahata ýygnandy.

Täze ylalaşyk, birinji nobatda, iň az aýlyk hakyny 22% kemeltmegi, döwlet sektoryndan 15 müň adamy işden çykarmagy göz öňünde tutýar.

Indi Gresiýanyň şol planyny Ýewropa Bileleşigi, Ýewropanyň Merkezi banky we Halkara pul gaznasy makullamaly, şondan soň Gresiýanyň öz parlamentiniň goldawyny almaly. Şonda bu söwda başa baryp, Afina 130 milliard ýewro möçberinde kredit berler.

Eger bu aýdylanlar başa barmasa, mart aýynda Gresiýa defolt garaşýar.
XS
SM
MD
LG