Sepleriň elýeterliligi

ABŞ täze ýadro reaktorlaryny döretmegi makullady


Amerikan hökümeti 1978-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze ýadro reaktorlaryny döretmegi makullady.

Ýadro düzgünleşdirişi komissiýasynda bolan diňlenişikde günortadaky Jorjiýa ştatanda häzir işläp duran Atom elektrik stansiýasynda iki reaktor gurmak barada karar kabul edildi.

Proýektiň bahasy çak bilen 14 millard dollar. Reaktorlary 2016-2017-nji ýyllarda işe girizmek planlaşdyrylýar.

Komissiýanyň başlygy Gregori Ýaçko proýekte garşy bolup ses berdi we Ýaponiýanyň “Fukuşima” Atom elektrik stansiýasynda bolan heläkçilikden soň, atom energetikasy pudagynda juda ägä bolmagyň gerekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG