Sepleriň elýeterliligi

Günorta Osetiýanyň oppozisiýa lideri agyr halda


Günorta Osetiýanyň prezidentligine öňki kandidat, oppozisiýa lideri Alla Jioýewa onuň Shinwalidäki saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ştabyna güýç ulanyjy gurluşlaryň işgärleriniň eden hüjüminden soň huşsuz halda keselhanada ýatyr.

Bir maglumata görä, ol insult-ysmaz, beýleki bir habara görä, gipertonik kriz ýagdaýynda. Onuň ştabynyň işgäri Fatima Kokoýewa Jioýewany ýaragyň gundagy bilen urandyklaryny aýdýar. Ýurduň IIM-inde bu fakty üzül-kesil ret edýärler.

Özüni garaşsyz respublika diýip yglan eden Günorta Osetiýada geçen ýylyň güýzünde geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Alla Jioýewa 10-njy fewralda özüniň inagurasiýasyny özbaşdak gurnamakçy bolupdyr.

Şol saýlawlaryň netijesi häkimiýetler tarapyndan güýçsüz diýlip yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG