Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ýadroçy alymlaryň ölümine “Mossadyň” gatnaşygy bar diýilýär


Eýranyň ýadroçy alymlarynyň öldürilmegini radikal "Mojaheddin-e Halk" guramasy Ysraýylyň “Mossad” razwedka gullugynyň goldaw bermeginde amala aşyrýar diýip, Amerikanyň iň uly telekanallarynyň biri bolan NBS amerikan ýolbaşçylygyndaky çeşmelere salgylanyp habar berdi.

NBS-niň çeşmeleriniň maglumatyna görä, bu ýagdaý prezident Barak Obamanyň administrasiýasyna mälim, ýöne ol adam öldürmäge hiç bir jähtden gatnaşmaýar.

2007-nji ýyldan bäri Eýranyň dört ýadroçy alymy öldürildi.

“Mojaheddin-e Halk” Eýranda we Birleşen Ştatlarda terroristik gurama diýlip hasap edilýär. Ýewropa Bileleşigi 2009-njy ýylda ony terroristik guramalaryň sanawyndan aýyrdy.
XS
SM
MD
LG