Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky çaknyşyklarda 126 adam heläk boldy


Homsda hökümet güýçleri tarapyndan weýran edilendigi aýdylýan jaý, 9-njy fewralda.

Homsda hökümet güýçleri tarapyndan weýran edilendigi aýdylýan jaý, 9-njy fewralda.

Penşenbe güni Siriýada bolan çaknyşyklarda azyndan 126 adam heläk boldy.

Siriýa agentlikleriniň berýän habaryna görä, hökümet goşunlary prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykyş edýän oppozisiýanyň daýanç nokatlaryna hüjümi aktiwleşdiripdir.

Homs welaýatynyň Al-Halidiýa şäheriniň bir etraby yzygiderli oka tutulanda 110 adam ölüpdir. 14 adam Damaskyň eteklerinde heläk bolupdyr.

BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça edarasy goňşy ýurtlarda eýýäm üç ýarym müň siriýaly bosgunyň hasaba alnandygyny habar berdi.

Penşenbe güni Liwiýa 78 sagadyň dowamynda siriýa diplomatlaryny ýurtdan çykaryljakdygyny yglan etdi, Siriýanyň milli oppozision geňeşini ýurduň ýeke-täk resmi wekili hökmünde ykrar etdi.

Mundan öň Germaniýa Berlinden dört siriýa diplomatynyň çykarylýandygyny habar berdi. Ondan öň ABŞ, ençeme ýewropa we arap döwletleri öz ilçilerini Damaskdan yzyna çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG