Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen interneti: talap ösýär, tizlik ösenok


Internetiniň tizligi bilen tapawutlanýan şol kafelerde, açylan wagty öz gezegiňe azyndan ýarym sagat nobata durmaly bolan bolsa, häzir olara adam barmaýar diýen ýaly.
Internetiniň tizligi bilen tapawutlanýan şol kafelerde, açylan wagty öz gezegiňe azyndan ýarym sagat nobata durmaly bolan bolsa, häzir olara adam barmaýar diýen ýaly.
Paýtagt Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky internet-kafe ýurtda häkimiýet çalşylandan soň açylan ilkinji internet-kafeleriň biri.

Parahat mikroraýonyndaky bu käfe bilen bir hatarda, şol döwürde açylan beýleki käfeler interneti halk köpçüligine elýeterli etmek diýlen şygar esasynda açylypdy. Emma şu günki gün, iň bärkisi Parahat mikroraýonyndaky bu internet kafedäki ýagdaý göz öňünde tutulanda-da, agzalýan planyň başa baranlygyny aýtmak kyn.

Internetiniň tizligi bilen tapawutlanýan şol kafelerde, açylan wagty öz gezegiňe azyndan ýarym sagat nobata durmaly bolan bolsa, häzir olara adam barmaýar diýen ýaly.

Şol internet-kafelerden biriniň işgäri kafelerdäki ümsümligi adamlaryň özleriniň hususy internet aragatnaşykly bolmak islegleri bilen düşündirýär. Emma käbir internet ulanyjylar bolsa, kafelerde hödürlenýän şol internetiň özi elýeterli bolsa-da, olaryň nyrhynyň adamlar üçin elýeterli däldigini aýdýarlar.

Aşgabatdaky kafelerden biriniň adynyň agzalmagyny islemedik işgäri şeýle gürrüň berýär:

—Kafelerde internetiň sagadyna 10 manat, ýagny 3,5 dollar tölenýär, ortaça aýlyk 200-300 dollaryň aralygynda bolan Türkmenistanda bu puly tölemek adaty ýaşaýjy üçin aňsat däl.

“TürkmenTelekom” bilen bir hatarda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy hem 2G we 3G standartlardaky internet hyzmatlaryny hödürleýär.
“TürkmenTelekom” bilen bir hatarda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy hem 2G we 3G standartlardaky internet hyzmatlaryny hödürleýär.
ADSL-iň tarif nyrhlary barada gürrüň edilende, onuň hem adaty adamlar üçin elýeterli boljagyny aýtmak kyn. Meselem, ADSL-in çäksiz we tizligi sekuntda 64 kilobit bolan görnüşiniň iň arzan tarifiniň bahasy aýda 607 manat ýa-da 213 dollar. ADSL-iň çäklendirilmedik hem tizligi sekuntda 2048 kilobit bolan tarifiniň nyrhy bolsa aýda 19,440 manat ýa-da 6,821 dollara barabar.

“TürkmenTelekomyň” hödürleýän hyzmatlarynyň arasynda ADSL bilen bir hatarda internetiň “Dial-up” görnüşi hem bar. Emma ulanyjylar onuň hilinden razy däl. Onuň tizligi aňry gitse sekuntda 40 kbit bolup, ulanyjylar birnäçe gezek yzly-yzyna jaň edibem internete baglanyp bilmeýän halatlarynyň az däldigini aýdýarlar.

ADSL bilen deňeşdirilende “Dial-up” internetiniň bahasy hem juda pes, ýagny tarif-planlaryna görä, onuň her minudyna 2-4 teňňe tölenýär. Käbir ulanyjylar onuň ady bar diýäýmeseň, tizligi göz öňünde tutulanda, “Dial-up” internetinden o diýen peýdalanyp bolmaýanlygyny aýdýarlar.

“TürkmenTelekom” bilen bir hatarda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy hem 2G we 3G standartlardaky internet hyzmatlaryny hödürleýär. Emma onuň hili hem öwerlikli däl, munuň şeýledigine internet ulanyjylar bilen bir hatarda ýurt baştutanyň hem göz ýetirýänligini aýtmak mümkin.

Soňky döwürlerde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn Asyryň” hödürleýän hyzmatlarynyň hilini birnäçe gezek tankyt etdi. Şol tankytlardan soňra “Altyn Asyr” käbir daşary ýurt kompaniýalary bilen tehniki üpjünçilik meselesinde dürli ylalaşyklara gol goýdy. Emma, bu çärelere garamazdan, internet ulgamynda prezidentiň interneti halk köpçüligine elýeterli etmeli diýlen wadasynyň iş ýüzünde häzire çenli doly berjaý edilenligini aýtmak kyn.

Şol bir wagtyň özünde ýurtda internete bolan talap barha artyp barýar. Bu talap okuwyny daşary ýurtlarda gutaryp, yzyna dolanan ýaşlaryň arasynda hasam köp duýulýar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG