Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Afinadaky iş taşlaýşyň dowamynda çaknyşyklar boldy


Gresiýanyň Afina şäherinde iş taşlaýşa çykan işçiler bilen polisiýa işgärleri çaknyşdylar.

Häkimiýetleriň býujet tygşytlamasy boýunça kabul eden çärelerine garşy anna güni ýurtda iş taşlaýyş geçirilýär. Bu çäreler ýurdy bankrotdan halas etmek üçin 130 milliard ýewrolyk halkara kömegini almagyň zerur şerti bolup durýar.

Maglumatlara görä, Afinada ýüz beren çaknyşyklarda polisiýa göz ýaşardyjy gaz ulanypdyr. Protestçileriň daş böleklerini ulanandyklary habar berilýär. Çaknyşyklarda zeper ýetenleriň ýa-da tussag edilenleriň ýokdugy aýdylýar.

Hödürlenen býujet tygşytlamasyna Gresiýanyň ilaty garşylyk görkezip, hepdäniň çarşenbe güni ählumumy 24 sagatlyk iş taşlaýyş gurnapdylar.

Ýurduň hususy we döwlet sektorynyň iki sany bileleşigi anna we şenbe günleri 48 sagatlyk iş taşlaýşa çagyryş edipdiler.

Tygşytlaýyş planynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň iş haklarynyň 22 prosent peseldilmegi, iş ýerleriniň azaldylmagy, hususylaşdyrma, täze salgytlar ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

Ýewropa Bileleşigi Gresiýanyň bu täze planynyň halkara kreditorlardan karz pul almak üçin heniz hem ýeterlikli däldigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG