Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň sudy premýeriň appelýasiýasyny ret etdi


Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilaniniň appelýasiýasyny ret etdi.

Gilani korrupsiýa bilen bagly prezident Asif Ali Zardarä garşy iş gozgamakdan boýun gaçyranlykda we netijede sudy äsgermezçilik edenlikde aýyplanýar.

2-nji fewralda Ýokary sud Gilana garşy jenaýat işini gozgamak üçin esaslaryň bardygyny aýdyp, premýer-ministriň 13-nji fewralda suda gelmegi barada höküm çykardy.

Pakistanyň hökümeti ýurduň prezidenti Asif Ali Zardariniň korrupsiýa dahyllylygy boýunça köne işi gozgamakdan boýun gaçyrýar we muny Konstitusiýada döwlet baştutanynyň eldegrilmesizliginiň kepillendirilýänligi bilen düşündirýär.

Ýusuf Raza Gilani sudy äsgermezçilik etmekde günäli tapylsa, ol 6 aý türme tussaglygyna höküm ediler hem-de döwlet edarasyndaky wezipelerinden çekilmeli bolar.
XS
SM
MD
LG