Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Aleppodaky partlamalarda 25 adam öldi


Aleppo şäherinde bolan iki partlamada azyndan soň, 10-njy fewral.
Aleppo şäherinde bolan iki partlamada azyndan soň, 10-njy fewral.
Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmilerine salgylanyp, Aleppo şäherinde bolan iki partlamada azyndan 25 adamyň heläk bolandygyny, 175-e golaýynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň beren maglumatynda anna güni amala aşyrylan bu hüjümlerde Siriýanyň harby hem howpsuzlyk güýçleriniň binalarynyň nyşana alnandygy aýdylýar. Onda hüjümleriň “ýaraglanan toparlar” tarapyndan amala aşyrylandygy nygtalýar.

Prezident Assadyň režimine garşy çykýan aktiwistler bolsa Aleppo şäherinde üç partlamanyň bolandygyny aýdýarlar. Olaryň ikisiniň ýurduň harby hem howpsuzlyk bazalarynda amala aşyrylandygyny belleýärler.

Mart aýynda Başar al-Assadyň režimine garşy protesler başlandan bäri Aleppo şäheri azda-kände asuda hasaplanýardy.

Şeýle hem, aktiwistleriň beren maglumatlarynda hökümet goşunlarynyň Homs şäheriniň golaýyna tanklary sürendigi aýdylýar. Bu şäher Assadyň režimine garşy geçirilýän protestleriň merkezi bolup durýar.
XS
SM
MD
LG