Sepleriň elýeterliligi

AI: Türkmen saýlawlary adam hukuklaryny basyp ýatyrmak bilen geçirilýär


Türkmenistanyň graždanlarynyň 1991-nji ýyldan bäri 3-nji gezek prezident saýlawlarynda ses bermäge taýýarlyk görýän döwründe garaşsyz synçylara ýurda barmaga rugsat berilmeýänligi sebäpli “Amnesty International” alada bildirip, anna güni beýanat ýaýratdy.

“Amnesty International” halkara guramasynyň bu beýanatynda ýurtda adam hukuklarynyň gödek bozulýandygyna, tussag edilýänleriň gynalýandygyna, söz we hereket azatlyklarynyň çäklendirilýändigine üns çekilýär.
XS
SM
MD
LG