Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň üstünden geçýän ýol arzan däl


Jerar Longe: "NATO-nyň güýçlerini Özbegistanyň üsti bilen çykarmaklyk bize çakdanaşa gymmat düşýär".

Jerar Longe: "NATO-nyň güýçlerini Özbegistanyň üsti bilen çykarmaklyk bize çakdanaşa gymmat düşýär".

Penşenbe guni “L’ Orient Le Jour” gazetine beren interwýusynda Fransiýanyň goranmak ministri Jerar Longe NATO-nyň güýçlerini Özbegistanyň üsti bilen çykarmaklygyň özlerine çakdanaşa gymmat düşýändigini aýtdy.

Ýöne Jerar Longe munuň NATO üçin näçe pula durýandygyny aýdyňlaşdyrmady.

Ýylda 500 million dollar

Häzirki wagt Merkezi Aziýa regiony Owganystandaky NATO-nyň güýçleriniň demirgazyk tarapdan amala aşyrýan gatnawlarynyň ýeke-täk ýoly bolup durýar.

Fransiýanyň goranmak ministri Jerar Longe Owganystanda oldürilen dört sany fransuz esgeriniň yas çäresinde. Kabul, ýanwar, 2012.

Fransiýanyň goranmak ministri Jerar Longe Owganystanda oldürilen dört sany fransuz esgeriniň yas çäresinde. Kabul, ýanwar, 2012.

Ýakynda media serişdelerinde peýda bolan maglumatlarda Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýanyň üsti bilen Owganystana gatnadýan ýükleri üçin bu regionyň hökümetlerine ýylda 500 million dollar töweregi töleg töleýändigi öňe sürüldi.

Edil häzirki wagt NATO-nyň parahat ilat üçin howply bolmadyk ýükleriniň 75 prosente golaýynyň Owganystana Demirgazyk üpjünçilik ýoly arkaly, esasan hem Özbegistanyň üsti bilen eltilýändigi aýdylýar.

Fransiýanyň goranmak ministri Jerar Longe NATO-nyň goşunlaryny çykarmak üçinem edil häzir şu Demirgazyk üpjünçilik ýoluny ulanmaly bolýandyklaryny, emma munuň özlerine örän gymmat düşýändigini aýtdy.

Ol NATO ýurtlary bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň soňky wagtlar ýaramazlaşandygy sebäpli, bu çäreler üçin Pakistanyň territoriýasyny ulanyp bilmeýändiklerini mälim etdi.

Sowuklyga itergi beren zat

Geçen ýylyň 26-njy noýabrynda Pakistanyň serhet ýakasynda Birleşen Ştatlaryň geçiren howa hüjüminde 26 sany pakistanly esgeriň ölmegi özara gatnaşyklaryň has-da ýaramazlaşmagyna itergi beripdi.

Bu bolan waka protest hökmünde, Pakistanyň häkimietleri şol wakanyň yzy bilen bu ýurduň üstünden Owganystandaky NATO güýçlerine ýük daşalmagyny doňdurypdy. Mundan daşary, Pakistanyň hökümeti bu ýurduň territoriýasyndaky amerikan howa bazasynyň ýapylmagy barada-da karar çykardy.

Pakistanyň hökümeti Birleşen Ştatlaryň içi pilotsyz harby uçarlar arkaly Pakistanyň territoriýasyndaky nokatlara hüjüm leri amala aşyrmagyny bu ýurduň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna bikanun daraşmak hökmünde baha berýär.

NATO-nyň gatnaw ýoluny Pakistanyň ýapmazyndan öňem NATO güýçleri Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän Demirgazyk üpjünçilik ýoly arkaly köp ýük geçirýärdi.

Bu baradaky meseleler NATO-nyň 2008-nji ýylda Buharestde geçiren sammitinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şol maslahat hem Demirgazyk üpjünçilik ýolunyň üstünlikli ulanylmagyna giň ýol açypdy.

Gepleşikler dowam edýär

NATO ýurtlary 2014-nji ýyla çenli özleriniň Owganystandaky güýçlerini bu ýurtdan doly çykarmaklygy planlaşdyrýarlar.

Fransiýanyň goranmak ministri Jerar Longe Pakistan bilen ýaramazlaşan gatnaşyklaryň fonunda NATO-nyň öz goşunlaryny we tehnikasyny çykarmaklygyň esasy ýoly hökmünde Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän Demirgazyk üpjünçilik ýoluny ulanmaklygy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu meseleler barada häzirki wagt Özbegistanyň we Täjigistanyň hökümetleri bilen gepleşikler alnyp barylýar.

NATO-nyň Demirgazyk üpjünçilik ýoly Latwiýadan başlanyp, Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden geçýär. Mundan daşary, NATO edil häzirki wagt öz harby maksatlary üçin Täjigistandaky we Gyrgyzystandaky harby bazalaryny-da ulanýar.
XS
SM
MD
LG