Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky hüjümleriň genosid diýlip hasaplanylmagy mümkin


Anna güni BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite maslahatçylary Siriýada parahat ilata garşy amala aşyrylýan hüjümleriň ynsanýete garşy jenaýat hökmünde häsiýetlendirilmeginiň mümkindigini duýduryp, beýanat ýaýratdylar.

Hususan-da, BMG-niň Baş sekretarynyň genosidiň öňüni almak meselesi boýunça maslahatçysy Fransis Deng bilen ilaty goramak jogapkärçilikleri boýunça maslahatçysy Edward Lak bilelikde ýaýradan beýanatlarynda Siriýanyň Homs şäherinde we käbir beýleki şäherlerinde parahat ilata garşy amala aşyrylýan hüjümlere uly alada bildirýändiklerini mälim edipdirler.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýadaky protestleriň barşynda jemi 6 müňe golaý adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG