Sepleriň elýeterliligi

Alyýew NATO-nyň wekili bilen tranzit meselesini maslahatlaşdy


Anna güni NATO-nyň Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa regiony boýunça ýörite wekili Jeýms Appaturaý Azerbaýjana saparynyň barşynda prezident Ylham Alyýew bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikleriň esasy temasy geljekki 2-3 ýylyň dowamynda Azerbaýjanyň üsti bilen NATO-nyň Owganystandan Günbatara ýük geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly boldy.

NATO agza ýurtlar 2014-nji ýyla çenli özleriniň Owganystandaky harby güýçlerini we tehnikalaryny bu ýurtdan çykarmaklygy planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG