Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň hökümeti bergiler bilen bagly dokumenti tassyklady


Anna güni giçlik Gresiýanyň hökümeti Ýewropa Bileleşiginden alynjak 130 milliard ýewro pul karzy bilen baglanyşykly göz öňünde tutulýan salgytlar we maliýe çäklendirmeleri barada täze kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Bu kanuny taslama indi ýurduň parlamentinde garalar. Ýöne bu dokumentiň anyk nähili maliýe çärelerini göz öňünde tutýandygy barada maglumat alynmady.

Ýewropa Bileleşiginiň goýan şertlerine laýyklykda, Gresiýa aňyrsy 12-nji fewrala çenli özüniň aljak karzlary bilen baglanyşykly göz öňünde tutýan çäreleri barada Bileleşigiň maliýe edaralaryna anyk hasabat bermeli.
XS
SM
MD
LG