Sepleriň elýeterliligi

Dagystandaky operasiýada üç sany ýaragly söweşiji öldürildi


Anna güni agşam Dagystanyň Kara-budahkent raýonyndaky bir obada howpsuzlyk güýçleri bilen üç sany ýaragly söweşijiniň arasynda atyşyk ýüze çykdy.

Wakada howpsuzlyk işgärleri bu obadaky bir jaýda gizlenen üç sany söweşijiniň meýletinlik bilen ýaraglaryny tabşyrmaklaryny talap etdiler. Emma olar ok atmak bilen, garşylyk görkezdiler.

Operasiýada ýüz beren özara atyşykda ýaragly söweşijileriň üçüsi-de öldürildi. Wakada howpuzlyk işgärleriniň biriniň ölüp, ýene biriniň ýaralanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG