Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ýaragly söweşijiler harby generaly öldürdiler


Şenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň paýtagty Damaskda näbelli ýaragly adamlaryň goşun generaly Issa al-Kawlini öldürendiklerini habar berdi.

Munuň özi Siriýada geçen ýylyň martynda halk demonstrasiýalarynyň başlanaly bäri ilkinji gezek ýokary derejeli harby ofiseriň öldürilmegi hökmünde alamatlandy.

Bu wakanyň fonunda şenbe güni BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Siriýanyň Aleppo şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasy bilen baglanyşykly wakany ýazgaryp çykyş etdi.

Anna güni amala aşyrylan şol ulag partlamasynda 28 adam ölüp, 235 töweregi adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG