Sepleriň elýeterliligi

SRG Türkmenistandaky saýlawlar barada kinaýaly beýanat ýaýratdy


Şenbe güni düýbi Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň adalatly geçmejekdigi barada kinaýaly beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň azyndan 90 prosent sese eýe bolmagynyň mümkindigi eýýäm öňünden çak edilýär.

Mundan daşary, "Serhetsiz reportýorlar" guramasy Türkmenistanda demokratik özgerişlikleriň bardygynyň yglan edilýändigine garamazdan, soňky 20 ýylyň dowamynda ýurtda bary-ýogy üçülenji gezek prezidentlik saýlawlarynyň geçirilýändigini hem kinaýa bilen belläpdir.

Şeýle hem, beýanatda metbugat azatlygy boýunça Türkmenistanyň geçen ýyl dünýäniň 179 ýurdunyň arasynda 177-nji orny eýeländigine-de üns çekilipdir.
XS
SM
MD
LG