Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Siriýa meselesi barada täze maslahata başlady


Ýekşenbe güni Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri Siriýa babatynda indiki ädilmeli ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Müsüriň paýtagty Kairde maslahata ýygnandylar.

Geçen hepde Siriýanyň režimine garşy berk çäreleri göz öňünde tutýan rezolýusiýanyň taslamasy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Orsýetiň we Hytaýyň weto goýmaklary netijesinde kabul edilmändi.

Maglumata görä, ýekşenbe güni Arap Ligasynyň wekilleri bu Liganyň Siriýa boýunça synçylar toparynyň başlygy, sudanly general Mohammed Ahmed Mustafa al-Dabiniň bu wezipeden çekilmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrypdyr.

Arap Ligasynyň Siriýa boýunça synçylar topary bu ýurtda netijeli iş alyp barmanlykda berk tankyt edilipdi.
XS
SM
MD
LG