Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýa beren möhleti şu gün tamamlanýar


Ýekşenbe güni Gresiýanyň parlamenti Ýewropa Bileleşiginden alynjak karzlar bilen baglanyşykly täze çäreler baradaky dawaly kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýar.

Ýekşenbe güni gije bu mesele boýunça anyk dokumendiň kabul edilmegi üçin Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýa beren möhleti tamamlanýar. Hut şoňa görä-de, Gresiýanyň parlamenti Ýewropa Bileleşiginden almaklygy göz öňünde tutýan 130 milliard ýewro pul karzy bilen baglanyşykly bu kanunyň taslamasyny ýekşenbe güni gutarnykly kabul etmeli bolar diýlip garaşylýar.

Gresiýanyň bu täze kanuny karzlar bilen baglanyşykly býujeti tygşytlamak üçin salgytlary artdyrmaklygy, aýlyk haklaryny ep-esli azaltmaklygy we döwlet býujetiniň köpsanly beýleki çykdajylaryny-da kemeltmekligi göz öňünde tutýar.

Göz öňünde tutulýan bu çäreler sebäpli Gresiýada yzygiderli protest çykyşlary dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG