Sepleriň elýeterliligi

Niger Muammar Kaddafiniň oglunyň berilmejekdigini aýdýar


Liwiýanyň häkimiýetleri goňşy Nigerde gizlenýän Saadi Kaddafiniň Liwiýa tabşyrylmagyna aýak direýändiklerini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Nigeriň adalat ministri Morou Amadou Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň ogly Saadi Kaddafiniň ekstradisiýa edilmegi barada Liwiýadan haýyşyň gelendigini, emma howpsuzlyk meselesi sebäpli onuň Liwiýa ekstradisiýa edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Negeriň ministri Saadi Kaddafiniň öz ýurduna ugradylan halatynda, oňa ol ýerde öldürilmek howpunyň abanýandygyny öňe sürdi.

Şeýle hem, ol bu meseläniň ýakyn wagtlarda Liwiýanyň daşary işler ministri bilen ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG