Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Yragyň demirgazygynda bombalaýyşlyklar geçirdi


Şenbe güni Türkiýäniň harby uçarlary Yragyň demirgazygynda kürt söweşijileriniň ýerleşýän ýerleridir diýlip hasaplanýan nokatlary bombaladylar.

Türkiýäniň Goranmak ministrliginiň resmileri bu hüjümleriň Yragyň demirgazygynda, Türkiýe bilen serhet ýakadaky Zap we Hakurk raýonlarynda amala aşyrylandygyny mälim etdiler. Ýöne bu howa hüjümlerinde nähilidir bir adam ýitgileriniň bolandygy barada anyk maglumat alynmady.

Kanun tarapyndan gadagan edilen separatistik Kürdüstan işçiler partiýasynyň söweşijileri Yragyň şu demirgazyk regionynda aktiw hereket edýärler diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG