Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Täjigistanyň dört sany raýaty heläk boldy


Ýekşenbe güni Owganystanyň günortasynda bir transport wertolýoty ýere gaçanda, ondaky dört adam öldi.

Zebul welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohammad Jan Rasolýar bu ölen dört adamyň dördüsiniňem Täjigistanyň raýatlarydygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu raýatlar NATO bilen şertnama esasynda iş alyp barýan “Supreme Food” atly logistik guramanyň işgärleri eken.

Mohammad Jan Rasolýar bu wertolýotyň ýaramaz howanyň netijesinde ýere gaçandyr diýlip hasaplanylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG