Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 20 ýylda üçülenji gezek prezidentlik saýlawlary geçirildi


Ýekşenbe güni Türkmenistanda soňky 20 ýylyň dowamynda üçülenji gezek prezidentlik saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda saýlawçylar resmi hasaba alnan 8 sany dalaşgärden birini saýlamak üçin ses berdiler.

Ýöne köp garaşsyz synçylar we ýerli ýaşaýjylar ikilenji möhlet prezidentlige dalaş edýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezek hem gürrüňsiz ýagdaýda prezidentlik kürsüsine eýe boljakdygyny aýdýarlar.

Ses berişlikler ýerli wagt bilen sagat 20:00-da tamamlandy. Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, saýlawlarda ses bermäge hukugy bolan ilatyň 96.28 prosenti ses beripdir.

Türkmenistandaky bu saýlawlara daşary ýurt guramalaryndan dine GDA Bileleşiginiň 60-dan gowrak synçysy gözegçilik etdi.

Käbir ses berijiler saýlaw uçastoklarynyň her birinde ýerli synçylaryň oturandyklaryna garamazdan, bir adamyň bir wagtyň özünde ençeme adama derek ses bermegi ýaly wakalaryň-da bolandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG