Sepleriň elýeterliligi

Uniwersitet mugallymymyz, professor Nazar Gullaýew bizi Gadymy hem orta asyrlar türkmen edebiýatyndan okadyp, gadymy, orta asyrlar edebiýatynyň gahrymanlaryna öwrülen Tumar patyşa, Şirak hakynda sapak geçende, häzirki zaman edebiýaty bilen utgaşdyryp, şahyr Annasoltan Kekilowanyň, Paýzy Orazyň gaýduwsyzlygyny gürrüň bererdi.

Sapakda student garagollygyny edýän käbir kursdaşlarymyz Nazar Gullaýew Annasoltan Kekilowanyň, Paýzy Orazyň keç, ýöne gaýduwsyz ykbaly hakynda gürrüň edende, ýüz studentli auditoriýada doly ümsümlik höküm sürýärdi. Sapakdan soňam olaryň hak ýolundaky gaýduwsyzlygy kursdaşlarymyzyň uzak söhbetine sebäp bolýardy.

Nazar Gullaýewiň tassyklamagyna görä, Paýzy Oraz ussat türgen bolup, ol geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň aýaklarynda, 60-njy ýyllaryň başynda boks boýunça öz agramynda üç ýyl yzly-yzyna respublikamyzyň çempiony bolupdyr.

Paýzy Orazyň sporta türgenligi ony maýyp bolmadan, belki ölümden-de halas edipdir. Paýzy Orazy 1962-nji ýylyň ahyrlarynda tussag edip, ony owal-başdan sizoda saklap, soňra türmä dykypdyrlar. Şahyra “sen ýolbaşçylaryň üstünden Moskwa arz etmeseň, ‘il hataryna’ goşulsaň, häzir goýbereli, eseriňem çap etmäge ýardam edeli” diýip, güýç ulanyjylaryň wekilleri respublikanyň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň adyndan gepleşik geçiripdirler.

Paýzy Oraz, türmede oturandygyna garamazdan, goşa dyrnak içindäki söz berlen “olja” aldanmansoň, ony fiziki taýdan döwmegiň ugruna çykylan bolmaly. Şahyryň ýanyna Şakal lakamly iki adamy öldüren, äpet göwreli kellekeseri salypdyrlar. Bu kellekeser derrew sözi azaşandan bolup, Paýzy Orazy duýman durka urup başlapdyr. Sporta türgen Paýzy Oraz derhal özüni ele alyp, ýumruga ýumruk bilen jogap berip, Şakaly mazalyja ýenjip, toba getiripdir.

Paýzy Orazdan aman dilän Şakal şahyry maýyp etmek üçin onuň ýanyna özüniň ýörite salnandygyny boýun alypdyr. Bu kellekeser tabşyrygy ýerine ýetirse, özüne türmede gowy durmuşyň wada berlendigini-de gürrüň beripdir. Nazar Gullaýew: “Men hasratly bu wakany şahyr Paýzy Orazyň öz dilinden eşitdim” diýip, bize gürrüň beripdi.

Şahyry dürli ýollar bilen ýok ýa sem etmek synanyşygy başa barmandan soňra, respublikan ýolbaşçylarynyň buýrugy esasynda Paýzy Orazyň işi Moskwa geçirilip, onuň özünem Moskwaň türmesine ýerleşdiripdirler. Bu soňlugy bilen şahyra bähbitli bolupdyr. Ahyry merkezde Paýzy Orazyň günäsizdigi subut bolup, ol 10 aý türmede oturandan soň azatlyga goýberilipdir.

Paýzy Orazy dymdyrmak üçin onuň maşgala durmuşyna gatyşyp, ony başdaş aýalyndan aýrypdyrlar. Onuň dost diýip gatnaşýanlaryny gorkuzyp, ony ýekiripdirler. Emma nähili kynçylyga döz gelse-de, Paýzy Oraz belent başyny egmändir. Ýöne şahyr özüne nähak kast edýänlere: “Siz warryklar, Men Paýzy Oraz” diýip, örän jaýdar jogap beripdir.

Şahyryň kyn gününde, ýeke galanda şygry jany bolup, oňa hemaýat edipdir. Paýzy Oraz bir goşgy bendinde muny şeýle tassyklaýar:

Görünsem-de, şeýle sada,
Pikrim arşa ýasar çygyr.
Her kes janym diýr bir zada
Meniň bolsa janym şygyr.


Paýzy Oraz:

Gowy bordy dostum, köçe süpürsek,
Söz pikrinde masgarabaz bolandan.


—diýip, galamdaşlaryna maslahat berýär. Galam tutýan adamlar üçin bu nesihatyň şu günki günem derwaýysdygyny hiç kim inkär edip bilmese gerek.

Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda halypa žurnalist Allaguly Ýusubowyň çapa taýýarlamagynda Paýzy Orazyň “Rubagylar” kitaby hem “Arslanlar” ýa-da soňra atlandyryşlary “Hoş gal” diýen goşgy bilen ýazylan romany çap edildi. Emma şahyryň durmuş ýoluny, döredijiligini öwrenmek geljegiň işi. Göwher ýerde ýatmaz. Bu gün bolmasa ertir Paýzy Orazyň döredijiliginiňem, durmuş ýolunyňam öwreniljekdigine nesilleriň şahyryň hak ýolundaky gaýduwsyzlygyna buýsanjakdygyna birjikde şübhelenmeýärin.

Hak sözünden dönmedik Paýzy Oraz 1987-nji ýylyň fewralynda aradan çykýar. Onuň ýogagalanyna 25 ýyl doldy. Şonuň üçin: “Ýatan ýeriň ýagty bolsun, hak sözüň howandary bolan gaýduwsyz türkmen şahyrymyz Paýzy Oraz” diýip, bu şahyr hakyndaky ýatlamama nokat goýýaryn.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG