Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasy Siriýa parahatçylyk esgerleriniň iberilmegine çagyrýar


Siriýanyň harby goşunlarynyň Homsa hüjüm edýän pursatlary, 10-njy fewral.
Siriýanyň harby goşunlarynyň Homsa hüjüm edýän pursatlary, 10-njy fewral.
Arap Ligasy ýekşenbe güni Kairde bolan duşuşyklarynda, on bir aýlyk gandöküşikligi togtatmak üçin, BMG-ni Siriýa parahatçylyk esgerlerini ibermäge çagyrdy.

Arap Ligasynyň ministrleri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady agdarmaga synanýan oppozisiýa hem doly goldaw bildirdiler we olary birleşmäge çagyrdylar.

Siriýa Arap Ligasynyň bu hereketini “Siriýanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny nyşana alýan duşmançylykly hereket” diýip atlandyrdy.

Biraz öň Tunis özüniň 24-nji fewralda “Siriýanyň dostlary” atly aragatnaşyk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirjegini yglan etdi. Bu topara arap döwletleri bilen bir hatarda başga döwletler hem girýär.

BMG-niň diplomatlary Saud Arabystanynyň Baş Assambleýany Siriýa baradaky täze rezolýusiýanyň taslamasy bilen tanyşdyrýandygyny aýdýarlar.

Sudanly general Mohammed al-Dabi
Sudanly general Mohammed al-Dabi
Ministrler sudanly general Mohammed al-Dabiniň Arap Ligasynyň Siriýadaky synçylar missiýasynyň başlyklygyndan çekilmek baradaky arzasyny hem kabul etdiler. Bu missiýa ýanwar aýynda, dowam edýän zorlukly wakalar sebäpli, Siriýany terk edipdi.

Adam hukuklary toparlary Al-Dabini Darfurdaky hereketleri üçin berk tankyt edipdi, Sudan bu ýerde gyrgynçylyk etmekde aýyplanýar.

Şu aralykda “Al-Kaýdanyň” lideri hem al-Assadyň režimine garşy halk gozgalaňyny goldady.

Aýman al-Zawahri internetde ýerleşdirilen wideo ýazgysynda Türkiýedäki, Yrakdaky, Liwandaky we Iordaniýadaky musulmanlary Siriýadaky pitneçileri goldamaga çagyrdy.

Şeýle-de ol siriýalylary al-Assadyň režimine garşy gozgalaňlarynda günbatar ýa-da arap hökümetlerine bil baglamazlyga çagyrdy.

Şularadykda Siriýanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti gabawdaky şäher Homsa azyk-suwluk eltdi. Bu ýerde ýekşenbe güni hem üzlem-saplam söweşleriň bolandygy habar berildi.

Aleppo şäherinde ýekşenbe güni 10-njy fewralda harby we howpsuzlyk binalarynyň bombalanmagynyň pidasy bolan adamlar jaýlandy. Siriýanyň müftüsi Ahmed Badr al-Din Hassaun ýas üýşmeleňinde çykyş edip, oppozisiýanyň garşylygy bes etmegine çagyryp, “Oppozisiýadaky doganlar, siz näme üçin öz ýurduňyzy oda bermek isleýärsiňiz?” diýdi. Şeýle-de ol Assady korrupsiýanyň soňuna çykmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG