Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ilatyň sanyny 154 milliona ýetirmek barada aýdýar


Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär, häzirki premýer-ministr Wladimir Putin
Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär, häzirki premýer-ministr Wladimir Putin
4-nji martda Orsýetde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär, häzirki premýer-ministr Wladimir Putiniň öz programmasy barada 5-nji makalasy duşenbe güni “Komsomolskaýa prawda” gazetinde çap edilýär.

Putin bu makalasynda 2050-nji ýylda Orsýetiň ilatynyň sanyny 154 milliona ýetirmek üçin zerur bolan çäreler barada gürrüň edýär.

Putin pensiýa ýaşynyň köpeldilmegine garşydygyny hem belleýär. Ol lukmanlaryň, mugallymlaryň, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň aýlyk haklaryny we studentleriň stipendiýalaryny köpeltmegi teklip edýär.

Onuň pikiriçe, demografiýa meselesi dowam edýän regionlarda üçünji we ondan köp çaganyň dogulmagy üçin maşgalalara ýörite pul kömegini çaga üç ýaşaýança tölemeli.

Şonuň ýaly-da, çagalar baglaryndaky nobatlary ýok etmek we jaýlaryň bahasyny arzanlatmak zerur diýip, Putin aýdýar.
XS
SM
MD
LG