Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani suda çekilýär


Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani

Duşenbe güni Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani ýokary suda çekilýär.

Gilani prezident Asif Ali Zardarä ýöňkelýän korrupsiýa aýyplamalary boýunça täzeden jenaýat işini açmak barada suduň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden ýüz öwürenlikde aýyplanýar.

Hökümetiň ýolbaşçysy Gilaniniň sözlerine görä, parahorlyk bilen bagly prezident Zardarä ýöňkelýän aýyplamalar syýasy matlaply we Zardariniň döwlet baştutany hökmünde eldegrilmesizlik hukugy bar.

Gilani we Zardari ýurdy dolandyrýan “Pakistanyň Halk partiýasynyň” liderleridir.

Analitikleriň pikiriçe, bu sud hökümetiň dargamagyna sebäp boljaga meňzemeýär. Emma ol geljekde ýurduň harbylarynyň pozisiýasyny güýçlendirip biler.
XS
SM
MD
LG