Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur aýdymçy we aktrisa Witniý Hýuston 48 ýaşynda aradan çykdy


Witniy Hýuston Bewerli Hillsde, Kaliforniýa, 2011-nji ýylyň 12-nji fewraly.
Witniy Hýuston Bewerli Hillsde, Kaliforniýa, 2011-nji ýylyň 12-nji fewraly.
Birleşen Ştatly meşhur aýdymçy we aktrisa Witniý Hýuston 11-nji fewralda 48 ýaşynda aradan çykdy. Onuň muşdaklary we dünýä ýyldyzlary Hýustonyň aradan çykmagyna çuňňur gynanç bildirýärler.

Witniý Hýuston 1980-nji we1990-njy ýyllarda “Men nähili bileýin”, “Men elmydam seni söýerin” atly aýdymlary bilen meşhurlyk gazanypdy. Emma onuň neşe ulanmagy saglygyna zeper ýetirdi we soňky ýyllarda jemgyýetde onuň şahsy problemalary barada köp gürrüň edildi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:34 0:00
Ýükle


Hýustonyň 11-nji fewralda Los Anjelesdäki “Bewerli Hilton” myhmanhanasyndaky otagynda aradan çykmagynyň sebäpleri anyk däl. Emma polisiýa onuň ölüminde “jenaýat alamatlarynyň ýokdugyny” aýdýar.

Hýustonyň aradan çykandygy barada habar ýaýranda onuň muşdaklary Los Anjelesdäki “Bewerli Hilton” myhmanhanasynyň töweregine ýygnandylar. Olar şem ýakyp, Hýustonyň aýdymlaryny aýtdylar.

Hýustonyň aradan çykmagy aýdym-saz senagatynyň “Gremmi” baýraklarynyň gowşurylyşyna hem täsir etmegi mümkin. Çünki ol 12-nji fewralda Los Anjelesde geçýän bu dabara gatnaşmakçydy.

Şol baýraklaryň gowşurylyşyny gurnaýjylaryň başlygy Neil Portnow Hýustony “Dünýä boýunça ähli döwürleriň iň ussat pop aýdymçylarynyň biri ” diýip atlandyrdy.

Witniý Hýuston we Kewin Kostner “Janpena” atly filmde, 1992.
Witniý Hýuston we Kewin Kostner “Janpena” atly filmde, 1992.
Nýu-Jerside önüp-ösen Witniý Hýuston ilki ybadathanada aýdym aýtmaga başlaýar we soňra Nýu-Ýorkdaky gijeki klublarda öz hünärini dowam etdirýär. Hýuston 1980-nji we 1990-njy ýyllarda öz karýerasynda uly üstünlikler gazandy. Ol ençeme baýraklary aldy we öz albomlaryny çykardy.

Hýuston 1992-njy ýylda tomaşaçylara “Janpena” atly kino hödürlenenden soňra hasam meşhur boldy. Ol bu kinoda esasy rollaryň birini oýnady we birnäçe aýdymlary aýtdy. Ýöne onuň soňky ýyllarda neşe ulanmagy sesine hem zeper ýetirdi.

Hýuston aýdymçy Bobbi Brown bilen maşgala gurdy. Emma olar 2007-nji ýylda aýrylyşdylar. Olaryň bir gyzy bar.
XS
SM
MD
LG