Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA Türkmenistandaky saýlawlaryň demokratik bolanlygyny aýdýar


Sergeý Lebedew saýlawlarda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň ýokary bolanlygyny belläp, günortan sagat 12-de saýlawçylaryň 25-45 prosenti aralygyndakysynyň gatnaşandyklaryny aýdýar.
Sergeý Lebedew saýlawlarda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň ýokary bolanlygyny belläp, günortan sagat 12-de saýlawçylaryň 25-45 prosenti aralygyndakysynyň gatnaşandyklaryny aýdýar.
GDA-nyň gözegçiler missiýasy Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň guramaçylykly we ýurduň saýlaw kanunlaryna hem demokratik kadalara laýyklykda geçirilenligini belledi. Bu barada Orsýetiň iri habar agentlikleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Sergeý Lebedewe salgylanyp, maglumat ýaýratdylar.

Sergeý Lebedew saýlawlarda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň ýokary bolanlygyny belläp, günortan sagat 12-de saýlawçylaryň 25-45 prosenti aralygyndakysynyň gatnaşandyklaryny aýdypdyr. GDA guramasynyň resmisi şeýle-de saýlawçylar tarapyndan şikaýatlaryň bolmanlygyny hem belläpdir.

GDA-nyň gözegçiler missiýasynyň Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlary barada çykaran bu netijeleri 13-nji fewralda Aşgabatda geçirilen metbugat konferensiýasynda mälim edildi.

Missiýanyň Aşgabatdaky ştabynda Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, bu maglumatlar ilkinji netijeler. Bu saýlawlar boýunça GDA-nyň gutarnykly karary köpçülige ýakyn günlerde aýan ediler.

Ýeke-täk halkara gözegçisi

GDA-nyň gözegçiler missiýasynyň Aşgabatdaky ştabynyň ýolbaşçysy Aleksandr Slobodanyň saýlawlaryň öň ýanynda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenstandaky saýlawlara syn etmek bilen GDA saýlawlaryň azat we demokratiýa laýyk bolmagyna ýardam bermek maksadyny göz öňünde tutdy.

Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryna GDA tarapyndan jemi 63 adam gözegçilik etdi. Aleksandr Sloboda Türkmenistanyň saýlaw uçatoklarynyň sany 2,300-den gowrak bolansoň, GDA-nyň gözegçileriniň saýlaw uçastoklarynyň ählisine baryp bilmejegini öňünden aýdypdy:

—Elbetde, biz ähli saýlaw uçastoklaryna baryp bilmeris, emma biz mümkin boldugyndan köpüsini görjek bolarys. Olaryň näçesine baryp biljegimizi men edil häzir aýtmaga taýýar däl. Olaryň sany 500-600 uçastok töwereginde bolup biler.

GDA Türkmenistanyň saýlawlaryna gözegçilik eden ýeke-täk halkara guramasy boldy. Dünýäniň köp ýurtlarynda saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistandaky saýlawlara syn etmedi.
XS
SM
MD
LG