Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa goşunlary Homsa gaýtadan hüjüm edýär


Siriýanyň häkimiýetleri Arap Ligasy tarapyndan teklip edilýän plany ret edensoň, Siriýanyň goşunlarynyň Homs şäherine hüjümlerine gaýtadan başlandygy habar berildi.

Siriýaly aktiwistleriň berýän maglumatlarynda ýurduň hökümet goşunlarynyň Homs hem Rastan şäherlerini raketa okuna tutýandygy aýdylýar.

Arap Ligasy 12-nji fewralda Kairde bolan duşuşykda on bir aýlyk gandöküşikligi togtatmak üçin BMG-ni Siriýa parahatçylyk esgerlerini ibermäge çagyrdy.

Arap Ligasynyň ministrleri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady agdarmaga synanyşýan oppozisiýa hem doly goldaw bildirdiler we olary birleşmäge çagyrdylar.

Siriýa Arap Ligasynyň bu hereketini “Siriýanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny nyşana alýan duşmançylykly hereket” diýip atlandyryp, ony ret etdi.
XS
SM
MD
LG