Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýeri Erdogan keselhanadan çykaryldy


Duşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan içegesine edilen operasiýadan soň keselhanadan çykaryldy.

Erdoganyň edarasynyň beren maglumatyna görä, bu operasiýa ýarym sagat dowam edipdir.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Erdogana operasiýa edilip, onuň içegesindäki howpsuz çişler aýrylypdy.

57 ýaşly rejep Taýýip Erdogan häzir ýurdy dollandyrýan “Adalat we ösüş” pariyasyna 2002-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Bu partiýa 2003-njy ýyldan bäri Türkiýäni dolandyrýar.
XS
SM
MD
LG