Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň wekili Assadyň režimini adamzada garşy jenaýatlarda aýyplaýar


Siriýanyň hökümet goşunlary prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykyş edýän oppozisiýanyň daýanç nokatlaryna hüjüm edip gelýärler.
Siriýanyň hökümet goşunlary prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykyş edýän oppozisiýanyň daýanç nokatlaryna hüjüm edip gelýärler.
Duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça edarasynyň başlygy Newi Pilleý guramanyň Baş assambleýasynda çykyş edip, Siriýanyň häkimiýetlerini adamzada garşy jenaýatlary amala aşyrýanlykda aýyplady.

Onuň sözlerine görä, Siriýa režiminiň wekillerini suda çekmeli.

Siriýanyň hökümet goşunlary prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykyş edýän oppozisiýanyň daýanç nokatlaryna hüjüm edip gelýärler.

Pilleý Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň Homs şäheriniň ilatly merkezlerine hüjüm edýändikleri barada subutnamalarynyň bardygyny habar berdi.

"Men bu çynlakaý hukuk bozmalar sebäpli gaty bozuldym. Men rehimsiz repressiýanyň we bilkastdan mezhep dartgynlylyklaryny gižželemegiň mundan beýläk hem dowam etdirilmeginiň Siriýany basym graždan urşuna eltip biljegi sebäpli örän gaýga edýärin” diýip, Pilleý aýtdy

Siriýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Başar Jafari Pilleýiň beýanatlaryny ret etdi we onuň Siriýanyň hökümeti barada “prinsipsiz” pozisiýany eýeleýändigini aýtdy.

Arap Ligasy 12-nji fewralda Kairde bolan duşuşykda on bir aýlyk gandöküşikligi togtatmak üçin BMG-ni Siriýa parahatçylyk esgerlerini ibermäge çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýadaky protestleriň barşynda häzire çenli jemi 6 müňe golaý adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG