Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku Eýranyň ysraýylly içaly aýyplamasyny ret edýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen Bakuwda, 2009-njy ýyl.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen Bakuwda, 2009-njy ýyl.
Azerbaýjan özüniň Ysraýylyň gizlin gulluklary bilen hyzmatdaşlyk edýändigi we olara kömek edýändigi barada Eýranyň aýdýanlaryny inkär edýär.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi bu barada öz ýurdunyň Tährandaky ilçisine gowşurylan protest notasyny “şyltak atma” diýip atlandyrdy.

Notada Azerbaýjandan öz topragynda Ysraýylyň “Mossad” aňtaw gullugynyň Eýrana garşy “işlerine” böwet bolmagy talap edilýär.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Elman Awdullaýewiň “Frans pres” agentligine aýtmagyna görä, Eýranyň şikaýaty geçen aý Bakuwyň Tährana ýollan protestine reaksiýa bolup durýar.

Baku şol protest notasyny Eýranyň aňtaw gullugy bilen ilteşikli iki adam Azerbaýjandaky belli ysraýyllylary öldürmegi planlaşdyrýanlykda şübhelenilip tussag edilenden soň iberdi.
XS
SM
MD
LG