Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki gazak aktiwistiniň hukuklarynyň bozulýandygy aýdylýar


Gazagystanyň resmi taýdan hasaba alynmadyk oppozision “Alga” partiýasynyň türmedäki başlygynyň aýaly öz adamsynyň hukuklarynyň bozulýandygyny aýdýar.

Duşenbe güni Wladimir Kozlowyň aýaly Aliýa Turusbekowanyň Almatada žurnalistlere habar bermegine görä, oňa Milli howpsuzlyk komitetiniň ofiserleri öz adamsy bilen duşuşmaga rugsat bermeýärler.

Turusbekowa adamsy tussag edileli bäri oňa azyk önümlerini we egin eşikleri geçirmek üçin eden synanyşyklarynyň hem netijesiz bolandygyny belleýär.

Ol Kozlowyň aklawjysynyň hem öz müşderisi bilen ikiçäk duşuşmagyna ýol berilmeýändigini sözüne goşýar.

Bu aýyplamalar barada gazak häkimiýetlerinden kommentariý alyp bolmady.

26-njy ýanwarda Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti Kozlowy tussag etdi we ony Žanaözende “sosial ýigrenji öjükdirmekde” aýyplaýar.

Geçen ýylyň dekabrynyň ortalarynda polisiýa Žanaözende iş taşlaýan nebitçileriň on altysyny atyp öldüripdi.
XS
SM
MD
LG