Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama 2013 üçin döwlet býujetiniň taslamasyny hödürledi


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 2013-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny hödürledi.

Taslamada täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen mundan beýläk hem çykdaýjy etmek göz öňünde tutulýar.

Şol sanda, köp girdeýjili raýatlara we guramalara salynýan salgytlary köpeltmek hem öňe sürülýär.

Duşenbe güni indiki ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny hödürlän prezident Obama özüniň esasy wezipesiniň Amerikanyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini saklamakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG